19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Permanlaryň hem Kararlaryň birnäçesine gol çekdi.
Şol tassyklanan möhüm resminamalaryň hatarynda aşakda görkezilen Permanlar bar:
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary:
Ahal, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynda täze etraplaryň häkimliklerini döretmek hakynda;
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy gurmak hakynda;
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda.