Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow atçylyk pudagyny ösdürmäge, behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm Kararlaryň birnäçesine gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek hem-de onuň geçiriljek wagtyny we ýerini Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde tassyklamak bellenildi.
Ahalteke bedewleriniň dünýä atly sportundaky ornuny berkitmek, olaryň Olimpiýa meýdançalaryna üstünlikli gatnaşmaklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ahalteke atlaryny konkuryň we atly sportuň beýleki görnüşleriniň halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen okuw-türgenleşik maksatnamalaryny taýýarlamak, ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport boýunça iri bäsleşiklerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite halkara baýraklaryny we kuboklaryny döretmek bellenildi.
Mundan başga-da, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň halkara derejede ösdürilmeli ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek, Türkmenistanda ahalteke atlarynda atly syýahatçylygy ösdürmek boýunça tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ahalteke atlarynda atly syýahatçylygyň taryhy-medeni, ekologiýa we halkara syýahatçylyk mümkinçiliklerini birleşdirýän täze ugurlary döretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk we syýahatçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenildi.
Ahalteke atlarynyň tohumçylyk işlerini halkara derejede utgaşdyrmak, tohumçylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygyny, arassa ganly ahalteke atlarynyň genetik goragyny we tohumçylyk standartlarynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşini döretmek bellenildi.
Ahalteke atlarynyň genetikasyny, tohumçylyk aýratynlyklaryny, köpeldip ýetişdirilişini, iýmitlendirilişini, saglygyny, weterinariýasyny we önümçilik mümkinçiliklerini häzirki zaman ylmy usullary arkaly öwrenmek we beýleki öňdebaryjy biotehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça ylmy-barlag maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, ahalteke atlarynyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça ýörite ylmy-weterinariýa barlag işlerini geçirmek, ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen innowasion taslamalary goldamak bellenildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary kabul edildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XVII mejlisini 2027-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.
