Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany esasynda, 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda ýurdumyzda Gurban baýramy belleniler.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu ajaýyp milli baýram türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna esaslanýar.
Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegi bellenilýär.