Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny ýurduň milli baýramy — Waýtangi güni bilen gutlady

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info