Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info