Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu hyzmatdaşlygyň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.