Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

MilliInfo

15 Dekabr, 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa we ýur­duň äh­li hal­ky­na Türk­me­nis­tan bi­len Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gut­lag ha­tyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga, deň­hu­kuk­ly­ly­ga, ro­waç­ly­gyň we gül­läp ösü­şiň ýo­lun­da umu­my mak­sat­la­ra ýet­mä­ge esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­lap, onuň halk­la­ry­my­zyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, bag­ty­ýar­lyk, Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň hal­ky­na bol­sa gül­läp ösüş, ro­waç­lyk ar­zuw et­di.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info