Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň gaýtadan saýlanan Premýer-ministrini gutlady

MilliInfo

20 Fewral, 2026

Surat: TDH-nyň arhiwinden

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info