Türkmenistanyň Prezidenti Argentinanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Argentinanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň ähli halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info