Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

MilliInfo

15 Awgust, 2026

Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info