Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny belläp, ýurtlarymyzyň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarly bolmagynyň iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ermenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info