Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň ähli halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tarman Şanmugaratnama we Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
