Türkmenistanyň Prezidenti СTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

MilliInfo

8-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu ýyl Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygyny aýtdy. Türkmenistan bu Şertnama ilkinjileriň hatarynda gol çekdi. Bu bolsa ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hemişe ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiz myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda bu Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşjakdygyny aýdyp, onuň saparynyň çäklerinde geçirjek duşuşyklarynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Robert Floýdy bu şanly sene bilen gutlady.

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bu şanly senäniň Türkmenistanda bellenilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk taglymlaryna ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine pugta eýermek bilen, ählumumy we sebit howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi. Ýurdumyz ýadro howpsuzlygy babatda esasy halkara şertnamalara goşulan ilkinji döwletleriň biridir.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm Şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetine üns çekildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info