Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi

MilliInfo

Düýn — 7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gruziýa bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan hem-de Gruziýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu guramalaryň çäklerinde başlangyçlary özara goldamak tejribesi munuň aýdyň mysalydyr.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlykda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugrudyr. Türkmenistan halkara ulag geçelgeleriniň üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Aziýa ýurtlaryny Gara deňiz sebiti we Ýewropa bilen birleşdirmekde oňyn şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Hazar deňzi — Gara deňiz», «Lapis Lazuli», «Ýaşyl» port» ýaly taslamalary durmuşa geçirmegiň we ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ünsi çekip, toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly ornuny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýola goýlan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info