Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

16-njy sentýabrda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz sammitiň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň şu formatda ilkinji gezek bir ýere jemlenendiklerini aýtdy we bu sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda, ilki bilen, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi arkaly Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadynyň goýulýandygyny belledi.

Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň durnukly ösüşi üpjün edýän hökmany şertlerdiginden ugur alýar. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar.

«Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy» başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.

Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar. Bu babatda «Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy» şygary bilen geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürlik sammiti möhüm waka bolar.

«Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň «Ýol kartasy», şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň formata gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge, bu formatyň işjeň agzasy bolmaga taýýardygyny tassyklap, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.

Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleriň gorlaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan logistika ugurlaryny ösdürmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon işewürler sammitiniň ýörite mejlisini açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda hemmeleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekläp, bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Koreýa özüni Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Türkmenistan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda koreý kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň goşýan uly goşandyna ýokary baha berýär. «Koreý kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Olaryň gatnaşmagynda biz dürli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirdik hem-de häzirki wagtda hem durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň hem-de olara wekilçilik edýän işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlyk integrasiýasynyň ýoly bilen hereket edip, yklymdaky hem-de dünýädäki häzirki we geljekki geoykdysady gurluşda mynasyp orun eýelemäge ukyplydygyna ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şunda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap, oňa aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

«Işewürlik sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza täze itergi berjek hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döretjek ylalaşyklaryň, ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.

***

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde degişli formatyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy; Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy; Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy kabul edildi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi.

***

Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň birinji duşuşygy, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: emeli aň, ylym we tehnologiýa babatynda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler forumy geçirildi. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info