Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

MilliInfo

23 Sentýabr, 2025

22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda «Umyt üçin aýdym» atly ýaşlar horunyň, «Metropoliten» horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.

Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýene bir wajyp resminama 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu başlangyç hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy.

2025-nji ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşmagy Watanymyzyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde halkara guramalar bilen alyp barýan möhüm hyzmatdaşlygynyň dünýäde dabaralanýandygynyň ykrarnamasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo