Türkmenistanyň Prezidenti harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

MilliInfo

26 Ýanwar, 2026

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Lebap welaýatyna ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline gondy we hormatly Prezidentimiz bu ýerden dikuçarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esasy girelgesine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlandy. Edebi-sazly kompozisiýada türkmen serkerdeleriniň gahrymançylyga beslenen şöhratly ýoly, Watanymyzyň asudalygyny berkarar etmegiň her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdugy öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

«Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Şondan soň Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

«Galkynyş» otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylara boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge, bilimlerini artdyrmaga ýardam eder. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde sport otagyna hem baryp gördi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra sport meýdançasynda harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişini synlady.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen, her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Şeýle hem toplumda körpeler üçin niýetlenen oýun meýdançasy bar. Şunuň bilen bir hatarda, sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglygyny berkitmeklerini, wagty peýdaly geçirmeklerini üpjün eder.

Toplumda hereket edýän söwda nokadynda azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi hem-de täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy.

Harby gullukçynyň maşgala agzalary ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumyny açyp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info