Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň infrastrukturasyny we senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm Kararlaryň ikisine gol çekdi.
Resminamalaryň birinjisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ikinjisi resminamada bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi.
