Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

MilliInfo
Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlaryny, şeýle hem iri infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini geljegi uly ugurlaryň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, şunda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamakda hökümetara topara aýratyn orun degişlidir.

Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga goşmaça itergi berendigi bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, iki ýurtda medeni çäreleri guramagyň, döredijilik işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew Türkmenistanyň we Özbegistanyň iki doganlyk halkyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info