Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we harby atlara mynasyp boldular

MilliInfo
Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we harby atlara mynasyp boldular

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi. Mundan başga-da, olar Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna bolsa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparynyň Türkmenistanyň medullary bilen sylaglanmagy ýurdumyzda Watan goragçylarynyň göreldeli gullugyna goýulýan belent hormatyň beýanydyr. Olara harby we ýörite atlaryň dakylmagy hem-de hünär derejeleriniň berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info