Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hakynda boldy.

Wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda ýurdumyzyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada beýan etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info