Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly ekişi dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info