Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada maglumatlary berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg etmek, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkimler şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý öndürijileri bilen, Lebap welaýatynda şaly öndürijiler, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.