Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy

MilliInfo

6 sagat öň

Düýn — 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkimler welaýatlaryň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigitlerini taýýarlamak hem-de olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşinde aýratyn orun eýeleýändigini, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ekologik abadançylygy üpjün edýän ulgamdygyny belledi we wise-premýere oba hojalygyny döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini hem-de medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info