Düýn — 6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işine girişildi. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak hem-de paýlanyp berlen ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek babatda degişli işler geçirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini bellemek bilen, olary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.