25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada maglumat berdiler.
Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatlarda galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem wise-premýer oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.