26-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada maglumat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkimler welaýatlaryň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy baradaky hasabatlary berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýuwuş suwy tutulýar. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyk we dokma senagatyny çig mal bilen bolelin üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda pudagyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýändigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.