Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy

MilliInfo

Düýn — 5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlaryny berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitlerde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlarda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli amal etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen piläni ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň zerurdygy bellenilip, bu babatda degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info