11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada maglumatlary berdileri. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu ýylyň 9-10-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýurdumyzyň atşynaslarynyň behişdi ahalteke bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmaklary mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, bu ekinleriň irki ýetişen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri geçirilýär, maldarçylyk hojalyklarynda bolsa owlak-guzy, köşek almak möwsümi dowam edýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.