Oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Degişli sebitlerde pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatlaryň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň, bu işlerde kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info