Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

MilliInfo

5 Sentýabr, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barlan işler, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzyň ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, şeýle hem prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Karara gol çekdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrowyň hasabaty düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, şeýle hem ministrligiň edaralaryna sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada boldy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, hususan-da, kazyýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Meredowyň hasabatynda şu ýylyň başyndan bäri döwletimiziň milli bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, şeýle hem düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilen işler barada aýdyldy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem düzümiň işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Adalat ministri M.Taganowyň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän düzümi alnyp barlan işler, şol sanda halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylygy kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler hakynda boldy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada aýtdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda düzümiň işini kämilleşdirmek, şeýle hem gullugyň işine sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny, bu şanly baýramyň uly dabaralar bilen bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de bu baýrama gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de alnyp barylýan bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info