Behişdi bedewleriň baýramy: Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

Behişdi bedewleriň baýramy: Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdi.

Hormatly Prezidentimiz esasy münber binasyna barýar.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berilýändigi yglan edildi. Bu gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligine degişli Näzli atly dor bedew pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,8 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary P.Orazow, seýsi bolsa W.Gaýipow. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Aýýyldyz atly akýal mele bedew ilkinji bolup pellehana geldi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,4 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary Ş.Saryýew, seýsi bolsa H.Gubaýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Şu günki baýramçylygyň şanyna geçirilen üçünji çapyşykda üçýaşar atlar Türkmenistanyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Bäherden» atçylyk hojalygyna degişli Bendesen atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary Y.Allanazarow, seýsi bolsa Türkmenistanyň at gazanan atşynasy D.Myratgulyýew. Bendesen bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 5,2 sekunt sarp etdi. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gönibek atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 2 minut 4,6 sekunda deň boldy. Ony bu ýaryşa taýýarlan seýis Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary O.Annalyýew, çapyksuwary bolsa S.Çaryýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Bäşinji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Maksatly atly al at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 2 minut 3,5 sekunt sarp etdi. Onuň seýsi üçünji derejeli seýis R.Seýidow, çapyksuwary hem ussat çapyksuwar R.Seýidow. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Baýramçylyk at çapyşygynyň altynjy çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 31,5 sekunt sarp etdi. Onuň seýsi ussat seýis G.Agamyradow, çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar T.Babaýew. Ýeňijä 100 müň manat möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 33,8 sekunt sarp etdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradow, çapyksuwary bolsa ussat çapyksuwar B.Agamyradow. Ýeňijä 300 müň manat möçberindäki pul baýragy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy gowşuryldy.

 baýramçylyk at çapyşygynda ýeňiji bolan çapyksuwarlar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda milli atçylyk däplerini ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen şu günki dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info