Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bellenen ýere barýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini sähel pursatda düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

...Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.

Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylygy ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler.

...Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşa aýratyn, çuň many-mazmun berýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik açýar. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik belende göterilýär. Ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz bu gün ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap, gül desseleriniň goýlandygyny belledi we berilýän sadakalaryň, doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi.

Hatyra çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hatyra çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okalyp, sadakalar berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info