Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi hem-de ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna konsepsiýada we meýilnamada bellenen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.