Türkmenistanyň Prezidenti 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny tassyklady

MilliInfo

9 Oktýabr, 2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny» taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda, halkara standartlary, milli bähbitleri nazara almak bilen, dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini göz öňünde tutup, maliýe bazarynyň institusional gurluşyny hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek, maýa goýumlary artdyrmak, milli ätiýaçlandyryş bazarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo