Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi: dört aýda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi

MilliInfo

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew degişli döwürde Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, şol sanda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu düzümiň edaralaryna hukuk işiniň döwrebap usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrowyň hasabatynda onuň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyldy. Hususan-da, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada beýan edildi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dört aýynda kazyýet işini has-da kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow döwletimiziň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri barada beýan etdi.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlara degişli hukuk kömegini bermek, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamy we işiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmagyň barşy barada boldy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info