Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrowyň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada boldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri D.Meredowyň hasabatynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler, onuň ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň netijeleri, şol sanda gullugyň düzümlerine işiň döwrebap usullaryny, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň hasabaty 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada boldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.