Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «TDH» habar berdi.
Özbek lideri Gutlag hatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy belent hormat-sarpa eýe bolan doganlyk türkmen halkynyň ajaýyp ogly, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly goşant goşýan döwlet işgäri hökmünde tanaýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan işjeň goldanylmagyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezýär. Ol öz hatynda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine möhüm ähmiýet berýär:
«Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky giň gerimli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek baradaky maksatlarymyzyň doly durmuşa geçiriljekdigi şübhesizdir. Ýokary derejedäki dialogymyzyň işjeňleşdirilmegi hem-de bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigine ynanýaryn».
Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýär.
