8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Şunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygy goraýyş desgalarynyň gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

