Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi

15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçirilendigini, onda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini belläp, çykyşyna başlady.

«Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklar berildi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz şu mejlisiň gün tertibiniň esasy soragynyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmak bolup durýandygyny aýdyp, mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak hakynda we beýleki dürli soraglar kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, bagtyýar halkymyzyň her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyna, Garaşsyzlyk baýramynyň ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, şanly wakadygyna ünsi çekdi.

«Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, olara hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar netijeli işleri amala aşyrmalydyr. Geljek ýylda ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidir. Şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlary bolmalydyr. Şeýle hem bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir.

 «Türkmenistanyň Halk Maslahaty Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde iş alyp baryp, döwrüň öňe sürýän wezipelerine öz wagtynda seslenmek, teklipleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirmelidir hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmalydyr» diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we anyk wezipeleri kesgitledi. Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýola goýmaly;

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly;

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamaly we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly;

  • Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli;

  • Raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleri alyp barmaly;

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly;

  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamaly;

  • Mejlise taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmaly;

  • Türkmenistanyň Mejlisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli;

  • Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk alyp barmaly.

Soňra degişli ýolbaşçylaryň guramaçylyk meseleleri boýunça çykyşlary diňlenildi.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny belledi.

«Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemeli. Esasy maksadymyz bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan soraglara seredilendigini aýtdy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi. Şeýle hem umumymilliforumy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berilýändigini belläp, hemmeleriň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy we mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info