Türkmenistanda Katar Döwletiniň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

MilliInfo

Düýn — 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmagy hem-de täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki özara saparlar bolsa ony has-da ilerletmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo