Mälim bolşy ýaly, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna işleri kabul etmek 15-nji oktýabra çenli dowam edýär.
Bäsleşigiň maksady şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda türkmen alabaýynyň gaýtalanmajak keşbini çeper beýan etmekden, şeýle hem ony teleýaýlymlarda giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
Däp bolşy ýaly, bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda yglan ediler.
