Rus dili boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyň!

MilliInfo

2 sagat öň

Rus dili boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyň!

Rus dilini gowy bilýärsiňizmi? Onda öz bilimiňizi görkezmek üçin döredilýän mümkinçiligi elden gidermäň! Dünýä çempiony diýen at hem-de Russiýanyň ýokary okuw mekdebinde bilim almak mümkinçiligi ugrunda bäsleşmek siz üçin has-da täsirli bolar.

Bütin dünýäden daşary ýurt raýatlary Rus dili boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrylýar. Ýaryşa jemi dört adamdan ybarat bolan toparlar goşulyp biler: olar 16–35 ýaş aralygyndaky üç sany daşary ýurt raýatyndan ýa-da raýatlygy bolmadyk şahslardan hem-de bir halypadan ybarat bolmalydyr.

Gatnaşyjylara iýul aýyndan oktýabra çenli dowam etjek onlaýn saýlama tapgyrlary garaşýar. Iň güýçli 30 topar jemleýji tapgyr (final) üçin Moskwa ugradylar. Ol ýerde gatnaşyjylar üçin ýüzbe-ýüz bäsleşikler, medeni maksatnama, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri bilen tanyşlyk we pikir alyşmalar guralar. Ýeňijiler «Rus dili boýunça dünýä çempiony» diýen ada, kuboga we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýeňilligi boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdebinde (ÝOM) bilim almak üçin üýtgeşik mümkinçilige eýe bolarlar. Jemleýji tapgyr 19–23-nji noýabr aralygynda Moskwa şäherinde geçiriler.

Gatnaşmak mugt. Arzalary 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli tabşyryp bilersiňiz.

Has giňişleýin şertler bilen şu saýtda tanyşyp bilersiňiz: https://russianchampionship.com

Taslama Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info