Amaly-haşam sungaty boýunça Täze ýyla bagyşlanan halkara bäsleşige gatnaşyň!

MilliInfo

5 Oktýabr, 2026

Amaly-haşam sungaty boýunça Täze ýyla bagyşlanan halkara bäsleşige gatnaşyň!

Täjirçilik maksatly bolmadyk «Halk başlangyçlary merkezi» awtonom guramasy Russiýadan we daşary ýurtlardan ussatlary birleşdirýän amaly-haşam sungatynyň her ýylky bäsleşigine arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýi habar berýär.

Ähli ýaşdaky ussatlar we 5 ýaşdan uly höwesjeňler öz zehinini paýlaşmaga, medeni däpleri gorap saklamaga we iri halkara jemgyýetçiliginiň bir bölegine öwrülmäge çagyrylýar. Geçen ýyl bu bäsleşik Russiýanyň 86 sebitinden we dünýäniň 21 döwletinden 15 müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Siz hem gatnaşyjylaryň hataryna goşulyp bilersiňiz!

Kimler gatnaşyp biler?

Ýaş toparlary («Geýimler» ugry muňa degişli däl):

  • 5 — 7 ýaş;

  • 8 — 12 ýaş;

  • 13 — 17 ýaş;

  • 18 ýaş we şondan ulular.

Nädip gatnaşmaly?

1.     Täze ýyl mowzugynda islendik usulda (tehnikada) öz eliňiz bilen döredijilik işini taýýarlaň;

2.     Işiňiziň ýokary hilli suratyny düşüriň;

3.     Şu salgy boýunça sahypada arza tabşyryň.

  • Möhletler: Arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 24-nji noýabryna çenli dowam eder.

  • Jemleri: 25-nji dekabrda yglan ediler.

Ugurlar (nominasiýalar):

  • «Iň täsin arça»

  • «Täze ýyl geýimleri bäsleşigi»

  • «Döredijilikli walenok» (Aýazbaba üçin sowgatlyk)

  • «Körpe ellikler» (Garpamyk üçin sowgatlyk)

  • «Arça oýnawaçlary»

  • «2027-nji ýylyň iň gowy nyşany»

Ähli gatnaşyjylara elektron Hormat hatlary, ýeňijilere bolsa ýörite diplomlar gowşurylar!

Bäsleşige gatnaşmak tölegsizdir!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info