Aşgabatdaky Rus öýi «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

MilliInfo

20 Iyul, 2026

Aşgabatdaky Rus öýi «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

«Русский ГлаголЪ» — bu bütin dünýäniň rus dilinde ýazýan awtorlaryny birleşdirýän taslamadyr. Bäsleşige Russiýanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary we rus dilinde ýazýan daşary ýurtly awtorlar gatnaşyp bilerler.

Ugurlar: Proza, poeziýa, dramaturgiýa, terjime, tankyt, çagalar edebiýaty, «Taryhy ýatkeşlik» taslamasyndan ýörite ugur.

Ýeňijileriň eserleri «Русское поле» žurnalynda çap ediler we çykdajylary üpjün edilýän tegelek stola gatnaşmak üçin Moskwada saparda bolarlar. Mundan başga-da, olara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmek garaşýar. «Русский ГлаголЪ» diňe bir bäsleşik däl, eýsem, dünýäde rus diliniň we medeniýetiniň ilçisi bolmak üçin döredilen mümkinçilikdir.

Arzalar 2026-njy ýylyň 10-njy iýulyndan 10-njy sentýabryna çenli resmi portalda kabul edilýär.

Bäsleşik Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeni başlangyçlaryň prezident gaznasynyň, Russiýanyň Ýazyjylar birleşiginiň we beýleki guramalaryň goldawy bilen esaslandyryldy. Sylaglanyş dabarasy 25–26-njy noýabrda Moskwada geçiriler.

Giňişleýin maglumat — saýtdaky şu çeşmede.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info