«Galaxy S25-iň» «gyzyl çyzygy»: «Samsung» flagmanynyň satuwy ähli düzgün-kadalara garşy gitdi. Smartfon satuwa çykanyndan 9 aý soň täzeden «janlandy» — «Galaxy S» seriýasynda beýle ýagdaý indi köp wagt bäri bellige alynmandy.
«Galaxy S25» seriýasynda «Android» flagmanlary üçin häsiýetli bolmadyk ýagdaýlar ýüze çykýar. 12 aýlyk satuw grafiginiň seljermesi şunuň ýaly netijäni tassyklaýar: ilkinji aýlardaky garaşylýan iň ýokary nokatdan we şondan soňky tesişden, takmynan, 8–9 aý geçensoň isleg duýdansyz ýokarlanyp başlady. Bu «Galaxy S» ugry üçin adatdan daşary ýagdaýdyr (anomaliýadyr) — «Galaxy S22», «S23» we «S24» ýaly öňki nesiller täze modelleri çykýança diňe yzygiderli peselişi görkezipdiler.
«Ice Universe» platformasynyň insaýderiniň bellemegine görä, bu ýerde uly arzanladyşlar, aragatnaşyk operatorlarynyň işjeňligi, korporatiw satyn alyşlar ýa-da «Samsung» kompaniýasynyň modeliň satuw ömrüni uzaltmak üçin amala aşyran maksatlaýyn ädimleri möhüm orun eýeledi.
Nähili bolaýanda-da, öňki nesilleriň görkezijileri bilen deňeşdirilende, «Galaxy S25-iň» satuw grafigi örän gyzykly we täsin görünýär.