1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şäheriň «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, baş metjidiň girelgesiniň taslamalary, «Ahalteke atlary» şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Arkadag şäheriniň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň aralarynda we ýol ýakalarynda ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri-de görkezildi. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary, onda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara degişli birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýewiň hasabatlarynda degişli edaralar tarapyndan alnyp barylýan netijeli işler öz beýanyny tapdy. Olar boýunça degişli tabşyryklary hem-de maslahatlary beren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Gahryman Arkadagymyz ýolugra täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän kottejler toplumynyň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda saklandy. «Ýaşaýyş jaýlarynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýollaryň yşyklandyryş ulgamy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we şäher ilatyna hyzmatlaryň ýokary derejesiniň hödürlenilmegi möhüm talap bolup durýar» diýip, Milli Liderimiz belledi. Soňra hormatly Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň batly depginde dowam etdirilmegi babatda maslahatlaryny berip, bu ýerden ugrady.
***
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen «Sport ýyldyzy» we «Aga-gurluşyk» hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy. Arkadag şäherinde ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasyna «Jahan» döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak hem-de «Şehitler» metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy.
Mundan başga-da, gol çekilen şertnama laýyklykda, «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň geriminiň barha giňeýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

