BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Daşary gurşawy goramak ministrliginiň «Energiýa netijeliligi we durnukly gurluşyk pudagy üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli kuwwatyny ösdürmek» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Ýaşyl şäherler ýaşlaryň nazary bilen» atly interaktiw ýaşlar seminary geçirildi.
28-nji aprelde geçen çäre talyplaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda ekologiýa medeniýetini, liderlik ukyplaryny ösdürmäge hem-de şäherleriň durnukly ösüş ýörelgelerini has çuňňur öwrenmäge gönükdirildi.
Oňa ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri, howanyň üýtgemegi boýunça işjeň wekiller, şeýle hem BMGÖM-iň we Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnaşyklary» (SECCA) taslamasynyň hünärmenleri we halkara geňeşçileri gatnaşdylar.
Seminar Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmakda, olaryň şäherleriň durnukly çözgütlerini öňe sürmäge gatnaşygyny giňeltmekde, şeýle hem howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş babatdaky ählumumy başlangyçlara çekilmeginde möhüm ädim boldy.