Kontent döredijiler we maglumat ulgamynyň hünärmenleri 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinden 6-njy maýyna çenli Aşgabatda geçirilen okuw maslahatlaryň tapgyryna gatnaşdylar.
Her bir okuw maslahaty, takmynan, 30 gatnaşyjyny – kontent döredijileri, media hünärmenlerini, mugallymlary we talyplary jemledi. Olar döredijilik pikirlerini ösdürmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga we ösýän maglumat giňişliginde häzirki zaman sanly gurallaryň jogapkärli ulanylyşyny ilerletmäge gyzyklanma bildirdiler.
Okuw maslahatlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin «CARAVAN» taslamasynyň çäklerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldawy bilen guraldy. Taslamanyň Merkezi Aziýadaky esasy maksatlarynyň arasynda hünär ösüşini goldamak, media we maglumat sowatlylygyny berkitmek hem-de kontent döretmegiň jogapkärli usullaryny öňe sürmek bar.
Okuwlaryň dowamynda wizual we hekaýa görnüşindäki beýan (storytelling), kontent döretmegiň we öndürmegiň etiki taraplary, materiallary netijeli meýilleşdirmek we ýaýratmak, şeýle hem döredijilik we redaksiýa işlerinde emeli aň ýaly häzirki zaman sanly gurallary ulanmak ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksatnama hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky çykyşlary amaly maşklar we interaktiw çekişmeler bilen utgaşdyrdy.
Okuw maslahatlar Gazagystandan gelen tejribeli sebitleýin hünärmenler tarapyndan geçirildi.
«Döwrebap hünär başarnyklarynyň ösdürilmegini goldamak – bu adam mümkinçiliklerine goýulýan maýa goýumdyr. Kontent döretmäge jogapkärli çemeleşme häzirki wagtda çalt üýtgeýän maglumat gurşawynda ynamy, hili we uzak möhletleýin gymmaty döretmäge ýardam berýär» diýip, ÝB-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Maçeý Madaliński açylyş çykyşynda belledi.
Täze bilimleri we başarnyklary gazanmak bilen birlikde, okuw maslahatlar dürli ugurlardan gelen gatnaşyjylar üçin özara aragatnaşyk gurmak we tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Adalatly we durnukly media gurşawyny döretmek maksady bilen, gatnaşyjylar hakykatçyllygyň, takyklygyň, jogapkärçiligiň we döredijilik aýratynlygynyň möhümdigini nygtadylar.
Media sowatlylygy boýunça okuw çäreleriniň üsti bilen, Ýewropa Bileleşigi dezinformasiýa we FIMI-e (daşary ýurt maglumat manipulýasiýasy we gatyşmasy) garşy durnuklylygy berkitmegi hem-de durnukly media ekoulgamlaryny ösdürmegi goldaýar, şeýlelik bilen hünärli, jogapkärli we etik media jemgyýetiniň ösüşine goşant goşýar.