RECCA we DKU türkmen talyplary üçin magistraturanyň gapylaryny açýar

MilliInfo

13 sagat öň

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (RECCA) Türkmenistanda ýerleşýän taslama ofisinde Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri — Almatydaky Gazak-Nemes uniwersitetiniň (DKU) geljekki magistrantlary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda magistratura boýunça okuwa girmäge taýýarlanýan ýaşlar ähli tapgyrda – resminamalary taýýarlamakdan başlap, maslahat beriş kömegine çenli edilýän goldaw we ýardam üçin çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler. Talyplaryň aýtmaklaryna görä, taslama ofisiniň ünsüniň we goldawynyň netijesinde olar täze hünär derejesine tarap ynamly ädim ätmäge mümkinçilik aldylar.

Duşuşyga gatnaşanlar şeýle başlangyçlaryň diňe bir aýry-aýry talyplar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açman, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkidip, sebitiň hünärli işgärler mümkinçiliginiň ösmegine hem öz mynasyp goşandyny goşýandygyny aýratyn nygtadylar.

Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (RECCA) Türkmenistandaky taslama ofisi eýýäm iki ýylyň dowamynda türkmen talyplarynyň Gazak-Nemes uniwersitetinde (DKU) magistratura derejesinde bilimlerini dowam etdirmeklerine goldaw berýär.

Talyplaryň bellemeklerine görä, olar köp medeniýetli gurşawda bilim almak mümkinçiligini gazanýarlar, bu bolsa Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (RECCA) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanowyň Gazak-Nemes uniwersiteti (DKU) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijesidir.

— Bilim — bu durnukly ösüşiň açary. RECCA-nyň Türkmenistandaky taslama ofisiniň ýaş hünärmenlere durmuşyndaky möhüm ädimi ätmäge kömek edip bilýändigine begenýärin. Geljekde olar öz hünär ýollaryny kesgitlemek we suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak, şeýle hem ekologiýa ulgamynda ýokary üstünliklere ýetmek mümkinçiliklerini alarlar. Olaryň DKU-da aljak biliminiň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary üçin peýdaly taslamalary durmuşa geçirmäge zerur başarnyklary we ylhamy berjekdigine ynanýaryn — diýip, Mergen Kepbanow belledi.

DKU-da talyplar nemes we iňlis dillerini öwrenýärler hem-de Germaniýanyň uniwersitetleri bilen talyp çalşygy maksatnamalaryna gatnaşýarlar. Uniwersitetde durnukly ösüşe, ekologiýa meselelerine we medeniýetara dialoga bagyşlanan dersler öwredilýär. Bu ýerde her bir talybyň özüni uly akademiki maşgalanyň bir bölegi hökmünde duýýan dost-doganlyk atmosferasy döredilen.

Şu ýyl Gazak-Nemes uniwersitetine (DKU) Türkmenistandan üç talyp kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo